“AK KENT" hususy kärhanasy 2010-njy ýylyň iýul aýynyň 2-sine döredildi. Hasabat belgisi № 14543689 bilen hasaba alynan "AK KENT" hususy kärhanasy Türkmenistanyň Ykdysady we ösüş ministrligi tarapyndan hasaba alyndy. "AK KENT” hususy kärhanasy Ak Bugdaý etrabynyň “Änew” şäheriniň senagat zolagyndan plastmassadan öndürilýän önümleri öndürmek üçin berilen 1,32 gektar ýerde zawod guruldy we polietilenden göwrümi 100 litrden 25000 litre çenli bolan plastmassadan uly göwrümli agyz suw üçin rezerwuarlaryň (gaplaryň), howuzlary, ýol päsgelçilik barýerlary, çaga oýun meýdançalary hem-de iri we ownuk şahly mallar üçin nowalaryň önümçilik işleri alnyp barylýar.